"FIRST RUSSIAN translations" terjimeler wekilligi
dünýäniň dürli dillerinden we dillerine ähli mow-zuklar boýunça
kämil terjimeler ( şol sanda, tehniki, medisina we ýuridiki
terjimeler, programma üpjünçiliginiň, oýunlaryň we websaýt-laryň
terjimeleri) hyzmatlaryny hödürleýär
Siziň hyzmatyňyzda:
Dürli dillere ýazmaça terjimeler
Dilüsti terjimeler (sinhron we yzygiderli)
Internet saýtlary we Internet marketingleri tapmak
Internet ulgamynda dört ýyldaky işiň netijesinde
biziň wekilligimizde ýeterlik tejribe we ýörelgeler ýygnandy
diýip utanman aýdyp bileris.
ÝARYŞDAŞLYK AGDYKLYGY
1. Biz öz işjeňligimizde CAT Tools (TM) Trados,
Wordfast, DejaVu, SDLX we beýleki ulgamlary ulanýarys. Edil
şu ulgamlar, birnäçe terjimeçiler gatnaşyp, durkuny saklamaly
bolan uly taslamalary amala aşyranyňda tapylgysyzdyr. Bu ulgamlar
tiz-tiz gaýtalanýan sözleri we söz goşulma-laryny terjime edenimizde
müşderiniň serişdelerini tygşytlamaga bize uly ýardam berýär.
Müşderi tiz-tiz gaýtalanýan sözler üçin doly nyrhda töle-mäge
borçly däldir.
2. Biziň hyzmatlarymyzdan ulanmak amatly bolar ýaly dünýäniň
dürli künjeklerinde biz öz wekilliklerimizi döretdik. Wekillikleriň
doly sanawy bilen "gatnaşyklar" sahypasynda tanşyp
bilersiňiz. Siz nirede bolsaňyzda: Moskwadamy ýa-da Nýu-Ýorkdamy
- dünýäniň islendik ýerinde Siz Biziň hyzmatlarymyzdan peýdalanyp
bilersiňiz. Biziň wekilligimiziň müşderileri öz iş orunlarynda
oturan ýerlerinden çykmen tabşyryklary resmileşdirip we taýyn
terjimeleri alyp bilerler.
3. Hiliniñ ýokary derejede bolmagy üçin, taýyn terjimäni okap
düzetmegi we redaktirlemegi şol dilde gürleýän adama tabşyryp
bilersiñiz. Bu hyzmatyñ bahasy başga tekliplere seredeniñde
amatlydyr.
4. Biz dünýäniň dürli künjeklerindäki öz wekilliklerimizi sabyrlylyk
we üns berip ýygnaýarys. Wekillikde hünärmenleriñ 2000-den gowragy,
esasanam öz dilinde gürleýän wekillerimiz bar. Her bir töleg
we mowzuk üçin edil Siziñ tabşyrygyñyzy ýerine ýetirip biljek
zerur bolan terjimeçini ýa-da topary tapýarys.
Terjimeçi hünärmenlerimiziñ derejeleriniñ belentligi, hyzmatlarymyzyñ
möç-beriniñ giñligi, tabşyryklary dessine ýerine ýetirmegimiz,
ulanmagyñ amatlylygy we başgada birnäçe ýeñillikler biziñ wekilligimize
Internetdäki terjimeler bazarynda aýratyn äheñ berýär. Siziñ edil
häzir terjime etmäge mätäç bolmazlygyñyz hem mümkin, ýöne onuñ
Size zerurlygy döremegi mümkin, şonuñ üçin "Saýlamalar"
diýen bölümiñizde biziñ wekilligimiziñ adyny bellemegiñizi teklip
edýäris.
"FIRST RUSSIAN translations"
terjimeler wekilligi Siziñ ynamdar hyzmat- daşyñyzdyr!
|